Türkmen-özbek serhediniň çäginde syýahatçylar üçin maglumat merkezi açyldy
«Daşoguz—Şawat» barlag-goýberiş nokadynyň çäginde Özbegistana syýahat etmek isleýänler üçin maglumat merkezi açyldy.
Merkezde goňşy ýurda syýahat etmezden ozal ähli zerur maglumatlary almaga hem-de syýahatçylygyň dowamynda medeni-dynç alyş we beýleki çäreleri, syýahatçylyk ugurlary bilmäge mümkinçilik bar.
Şeýle hem syýahatçylar bu ýerde uçar we demir ýol peteklerini, myhmanhanany öňünden sargyt etmek, sim-kart satyn almak, Özbegistanyň çäginde internet hyzmatyndan peýdalanmak üçin töleg tölemek ýaly hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.
Mundan başga-da merkeziň hünärmenleri Özbegistanda syýahatda bolýan myhmanlara E-Mehmon (“E-myhman”) ulgamynda hasaba durmaga ýardam bererler.
Bu merkeziň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Baştutany Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň esasynda açylandygyny bellemek gerek.