“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty
Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.
Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda assosiasiýasy (ROTOBO), Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş edýär. Forumyň gün tertibi sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlaryny, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalaryny hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamagy, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerini öz içine alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumyň açylyş dabarasynda bu bilelikdäki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Alty ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek onuň baş maksadydyr. Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, onuň täze gurallaryny gözlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Merkezi Aziýa sebiti Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, Gündogaryň hem-de Günbataryň arasyndaky gadymy ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetleriniň dialogynyň ýola goýulmagyna hem-de özara baýlaşmagyna ýardam edipdir. Ägirt uly energetika hem-de tebigy serişdelere, ulag-kommunikasiýa kuwwatyna eýe bolan sebitiň ýurtlary häzirki wagtda bu asylly hem-de jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmegi dowam edýärler.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykarylyp, ähli ugurlar boýunça anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugur olara ählumumy derejede alnyp barylýan işlere yzygiderli esasda gatnaşmaga, abraýly guramalaryň, köpugurly düzümleriň çäginde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp düzmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlaryň işjeň ilerledilmegine goşant goşmaga mümkinçilik döretdi.
Şeýle hem “Merkezi Aziýa+ ...” görnüşindäki meýdançalaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki üstünlikli hyzmatdaşlyk hem dünýä syýasatynyň möhüm subýektleriniň biri hökmünde bu sebitiň barha artýan ornunyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, 2004-nji ýylda bu formatyň döredilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň täze döwrüni alamatlandyrandygyny nygtamak gerek. Şu gezekki forumyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň döredilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.
«Uglerod bitaraplygy we senagaty döwrebaplaşdyrmak ulgamlarynda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlyk», «Halkara ýagdaýlaryň üýtgeýän şertlerinde Ýaponiýada we Merkezi Aziýada arabaglanyşygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri», «Adam maýasyna maýa goýmagyň we telekeçiligi ösdürmek üçin işewürlik infrastrukturasyny pugtalandyrmagyň wajyplygy, şeýle hem Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek» atly plenar mejlisleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşylyp, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meýilnamalary anyklaşdyryldy.
Türkmenistanyň wekilleri ýygnananlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyrdylar. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ösüşiniň batly depginlerini, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Hususan-da, häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň täze, senagat ugurly nusgasyny döretmek boýunça işleriň güýçli depginde alnyp barylýandygy nygtaldy. Ol Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerinden we amatly geografik ýerleşişinden netijeli peýdalanmaga, innowasion tehnologiýalary, ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlaryny, önümçiligi guramagyň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Hökümet tarapyndan hususy telekeçiligi goldamaga, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň, ýurdumyzda hereket edýän maýadarlar, daşary ýurt kompaniýalary üçin salgyt, gümrük, wiza hem-de beýleki ýeňillikleri göz öňünde tutýan kanunçylygyň esasy ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berildi.
Öz gezeginde, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri öz ýurtlarynyň söwda-ykdysady, tebigy baýlyklar kuwwaty barada çykyş edip, ugurlaryň giň toplumy boýunça netijeli köptaraply gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Merkezi Aziýa döwletleri täsin IT ekoulgamy döredýärler. Munuň özi döwlet dolandyryş, elektron täjirçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, data merkezleriň gurluşygy, kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegi meselelerinde hyzmatdaşlygyň hemme tarap üçin bähbitli bolup biljekdigi nygtaldy. Şeýle hem ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda sanlylaşdyrmak, ulag-logistika, obasenagat toplumy, agyr senagat pudagy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu gezekki wekilçilikli maslahat alty ýurduň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdi. Ol altytaraplaýyn görnüşde sebit hyzmatdaşlygyna täze itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa bu dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrar.
Bilelikdäki işewürlik maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminama gol çekildi we kabul edildi. Şolaryň hatarynda GTG-2-niň taslamasy boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda “Ýol kartasy” (iş meýilnamasy); Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gazturbina desgalarynda orta abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek barada Çarçuwaly ylalaşyk; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda akademik alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň (JETRO) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy döretmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hakynda maglumat býulleteni; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň, «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen «Masui Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Esasy resminamalaryň hatarynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama bar.