«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary BAE-niň Garaşsyzlygynyň 53 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşar

Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň Instagram sahypasynda habar berlişi ýaly, 8-nji awgustda Türkmenistanyň şol ýerdäki ilçisi S.Garajaýew bilen Emirlikleriň Arap at jemgyýetiniň uly dolandyryjysy Zaýton Al-Mansuriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Duşuşykda medeni çäreleriň ähmiýeti we 2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BAE-niň Garaşsyzlygynyň 53 ýyllygyny bellemek dabarasyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagy we BAE-e baryp görmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Zaýton Al-Mansouri bu saparyň ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny belläp, «Galkynyş» topary bilen guramaçylyk meseleleri boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

 

Ilçi S.Garajaýew ahalteke atlaryny BAE getirmek we olaryň çykyşlary ýerine ýetirmekleri üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

 

Duşuşygyň ahyrynda myhmanlara milli atlary ösdürip ýetişdirmek ýörelgeleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň, Döwlet sirkiniň, Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň we Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.