Belarus Respublikasynyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda ýurduň strategiýasyny kesgitlemegi tabşyrdy
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda ýurduň strategiýasyny gysga wagtda kesgitlemegi tabşyrdy. Bu barada BelTA Belarus Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär.
“Biz öňde goýan maksatlarymyza tarap strategiýany gysga wagtda kesgitlemeli. Bu bolsa örän tiz wagt ýerine ýetirilmeli. Uly mümkinçilikler açylýar. Ilki bilen, önümleriň we hyzmatlaryň ägirt uly bazaryna girmek, tejribe alyşmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin goşmaça mümkinçilikler. Iň esasy zat, logistika we tölegleri diwersifikasiýa etmek, syýasy töwekgelçilikleri azaltmak” – diyip, Aleksandr Lukaşenko nygtady.
Belarus Respublikasy şu ýylyň iýul aýynda resmi taýdan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly agzasy boldy. Degişli karara Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Astanadaky sammitinde gol çekildi.
Belarus Respublikasy ŞHG-nyň onunjy agzasy boldy.