Türkmenistan Russiýanyň uniwersitetlerine ýüz tutýan dalaşgärleriň sany boýunça GDA-nyň sanawynda birinji orunda barýar

2024-nji ýylda Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti (RUDN) Hytaý, Wýetnam, Eýran we Türkmenistan ýaly dürli ýurtlardan okuwa girmek üçin ýüz tutýan taraplardan 3,7 müňden gowrak arza aldy. Uniwersitetiň rektory Oleg Ýastrebow GDA ýurtlarynyň arasynda okuwa girmek üçin iň köp ýüz tutmanyň Türkmenistandan gelendigini aýtdy.

 

«Şu günki güne çenli daşary ýurt raýatlaryndan 3789 ýüz tutma geldi. GDA agza däl ýurtlardan öňdebaryjy bolup 386 dalaşgäriň ýüz tutmagy bilen, Hytaý öňde barýar. Şeýle hem Wýetnamdan 89, Eýrandan 77 arza bilen okuwa girmek hakda ýüz tutdular. Şu ýyl ilkinji gezek Ýaponiýadan hem arzalar gelip gowuşdy. Şeýle-de bolsa, GDA ýurtlarynyň arasynda iň köp ýüz tutmany 243 arzanyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistandan aldyk» - diýip, rektor gürrüň berdi.

 

Ol täze okuw ýylynda uniwersitetde 161 ýurtdan 4000-den gowrak daşary ýurtly talyba garaşylýandygyny hem belledi.

 

Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tebigy ylmy, tehniki, lukmançylyk, ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça bilim berýär. Ähli meýilnamalarda daşary ýurt dilleri ýokary derejede okadylýar. Uniwersitetde otuzdan gowrak magistr meýilnamasy iňlis dilinde öwredilýär. Uniwersitet Moskwanyň günorta-günbataryndaky Talyplar şäherçesinde geçirilen bäsleşigiň netijelerine görä, Russiýanyň iň gowy kampuslarynyň biri hökmünde ykrar edildi.