Etna dagy 22 metr ösdi

Ýewropadaky iň işjeň wulkan — Etna (Italiýa) täze beýiklige eýe boldy. Onuň täze beýikligi — 3369 metr. Bu öňki rekord derejesinden 22 metr beýikdir. Ozal bu wulkanyň boýy 3347 metre deňdi.

 

Bu beýiklik iýul aýynyň başynda bolup geçen birnäçe wulkan işjeňliginden soň emele geldi. 4-nji iýulda lawa atylandan soň, Woragine krateriniň gündogar gyrasy 3354 metre, 7-nji iýulda 3369 metre çykdy. 

 

Ölçegler dron arkaly geçirildi.