Özbegistan Hazar deňzinde öz flotunyň bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Özbegistan Hazaryň üsti bilen Transhazar ugry boýunça ýük daşamalaryň artmagyna goşant goşjak öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Ulag we logistika ösüş meseleleri merkeziniň müdiri Bekzod Holmatow Report agentligine aýtdy.
Ol: “Ýurdumyz Hazar deňzinde öz flotuny döretmek isleýär. Öz flotunyň bolmagy Özbegistan üçin deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde uly ähmiýete eýe” - diýdi.
Onuň sözlerine görä, Daşkent bu meselede beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýar.
Şeýle-de ol: “Häzirki wagtda biz Baku portunda öz terminalymyzyň gurluşygynyň üstünde işleýäris, bu başlangyç üçin özboluşly esas. Mundan başga-da, gämi gatnawy meselesinde Türkmenistan we Gazagystan bilen baglaşylan ylalaşyklar gün tertibinde bar bolan ähli meseleleri çalt çözmäge mümkinçilik berer” – diýip belledi. 8-nji awgustda Bakuda “Özbegistan we Azerbaýjan: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” diýen mowzuk bilen tegelek stol geçirildi, duşuşyga gatnaşan Özbegistanyň Ulag ministrliginiň wekilleri «Е-Permit» rugsatnama blanklarynyň elektron alyş-çalyş ulgamyny girizmegi teklip etdiler. Şeýle hem, özbek tarapy Baku portunda ammar infrastrukturasyny gurmagy, Özbegistanda Azerbaýjanyň demirýol gatnawynyyň gurluşygy we abatlama meselelerine garamagy teklip edýär.
Özbegistan dünýäde “goşa gulplanan ýurtlar” (double locked countries) kategoriýasyna girýän iki ýurduň biridir. Bu bolsa ýurduň diňe Dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen serhetleşýändigini aňladýar. Şeýle ýagdaýdaky ýurtlaryň ikinjisi - Lihtenşteýn.