Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesillere nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Gahryman Arkadagymyz säher bilen adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Sagdyn-durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Bu ýerde häzirki zamanyň ýokary derejede enjamlaşdyrylan döwrebap sport ulaglary bar.

Awtomobil sporty boýunça baý tejribe toplan Gahryman Arkadagymyz merkeziň badalga nokadyna çykdy.

Gahryman Arkadagymyz sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Soňra awtoulag türkmen halkynyň Milli Lideriniň dolandyrmagynda ýerinden gozganyp, dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.

Bu gezek hem Gahryman Arkadagymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi.

Gahryman Arkadagymyz Sport-ulag merkeziniň drift meýdançasynda ulag sürmegiň ussatlygyny we uly tejribesini ýene-de bir gezek görkezip, sürüşini tamamlady.

Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy R.Begenjow bilen söhbetdeş boldy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işler, Awtomobil sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugra bolan höwesi bilen gyzyklandy.

R.Begenjow öz aralaryna gelip, merkeziň işi bilen gyzyklanýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu ýerde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge hem-de netijeli bäsleşikleri guramaga ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle hem ol häzirki döwürde awtomobil sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny we merkezde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň guralýandygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň ozal boş ýatan künjekde gurlandygyny belläp, häzirki döwürde onuň işiniň talabalaýyk guralmagy ugrunda bu ýerde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigine kanagatlanma bildirdi. Merkeziň çäginde sport awtoulaglaryny talabalaýyk dolandyrmak, şeýle hem onuň işini toplumlaýyn esasda alyp barmak ugrunda döredilen şertler ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz merkeziň çäginde döredilen ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol-gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalaryň döredilendigini, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem-de gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlaryň gurlandygyny, şeýle hem bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde bolsa, bu ýerde şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek we ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat berdi hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanylmaýandygyny, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän batly sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygyny, şeýle hem bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi. Munuň özi adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny görkezýär.

Merkeziň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de merkeziň ähli işgärleriniň we gullukçylarynyň adyndan sagbolsun aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde merkeziň çäginde awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak bilen bir hatarda, türgenleriň awtoulaglary dolandyrmakda hüşgärligini artdyrmak, ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny ösdürmek we kesgitlenen tertip-düzgüni berk berjaý etmek endiklerini ösdürmek zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe nesihatlaryny berdi.

Bu ýerde taýýarlanýan türgenleriň tapawutly tarapy olaryň ählitaraplaýyn ukyp-başarnykly bolup ýetişmegidir, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegidir, ýolagçylar üçin hem, sürüjiler üçin hem hereketleriň sazlaşygyny guramagydyr, ulagy dolandyrýan pursatynda islendik tizlige garamazdan, örän oýlanyşykly çözgütleri kabul edip bilmegidir, her pursatda olaryň hüşgär hem üşükli bolmagydyr.

Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçysyna ýüzlenip, türgenleri taýýarlamagyň, olaryň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny üpjün etmegiň merkeziň esasy wezipesidigini we bu ugra degişli desgalaryň gurulmagynyň we onda ähli zerur şertleriň döredilmeginiň döwlet derejesindäki meseledigini aýratyn belledi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerbedebaşysyna ýetirjekdigini aýtdy. Sportuň hak howandary Gahryman Arkadagymyz R.Begenjowa ýüzlenip,: “Ussat türgenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň awtomobil sportunyň abraýyny belende galdyrmak Siziň bilen, gurmak, şert döretmek biziň bilen” diýip belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de uly ösüşleri we ýokary netijeleri gazanmagy ugrundaky asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.