Azerbaýjanda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri möwsimi başlady
9-njy awgustda nobatdan daşary parlament saýlawlary bilen baglanyşykly şu gün Azerbaýjanda saýlawdan öňki wagyz işleri möwsümi başlandy. Bu barada “Report” habarlar agentligi habar berýär.
Wagyz işleri möwsümi 23 gün ýagny - 31-nji awgust, 08:00-a çenli dowam eder. Ony wagyz işlerini geçirmek üçin respublikanyň çäginde 3,259 açyk meýdan we 1,854 ýapyk ýerler bölünip berildi.
Saýlawlaryň öň ýakyndaky möwsümde wagyz işlerini hasaba alnan dalaşgärler, olaryň ygtyýarly we ynanylan wekilleri, dalaşgärleri bellige alan syýasy partiýalar, syýasy partiýalaryň toparlary, ygtyýarly we ynalynan wekilleri tarapyndan amala aşyrylyp bilinýär.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda deputatlyga 1030 dalaşgär hasaba alyndy. Deputatlar üçin hasaba alnan 305 dalaşgär Azerbaýjanyň 25 sany syýasy partiýasyna wekilçilik edýär. 25 syýasy partiýadan 459 adam dalaşgär görkezildi we olaryň 305-si hasaba alyndy.
28-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Milli Mejlisiň 6-njy çagyryşyny dargatmak we nobatdan daşary parlament saýlawlaryny geçirmek baradaky Karara gol çekdi.
Saýlawlar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiriler. Ýurtda soňky gezek parlament saýlawlary 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirlipdi.