«Awazada» Hazaryň deňiziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Şu gün, 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Hazaryň deňiz gününe bagyşlanan «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

HHM-niň berýän habaryna görä, ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň daşky gurşaw pudagynda gazananlaryny görkezýän sergi bilen başlandy.

Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak, Türkmenistanyň Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak baradaky kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işinde daşky gurşaw ülňüleriniň berjaý edilmegi babatda halkara hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy barada habar beripdik.