Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF-2024): halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

19-20-nji sentýabrda Aşgabat «Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy» (TIF-2024) atly sebitiň iň ähmiýetli çäreleriniň biriniň geçirilýän ýeri bolup, ählumumy ykdysady we maýa goýum boýunça ünsi özüne çekýän merkeze öwrüler. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýan bu forum ýurduň depginli ösýän ykdysadyýetine halkara maýa goýum jemgyýetçiligini çekmekde möhüm tapgyr bolar.

 

Häzirki wagta çenli TIF-2024-e gatnaşmak üçin 20 ýurtdan 100-den gowrak adam bellige alyndy. Munuň özi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu waka ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň möhüm ornuny ýüze çykaryp, öňdebaryjy halkara maliýe institutlary bilen birlikde, maýadarlaryň we bilermenleriň giň toparlarynyň hem ünsüni çekýär.

 

Halkara KHBS-i öňde boljak wakany işjeň beýan edýärler. Birleşen Arap Emirlikleriniň «AlKhaleej», «DubaiNews» we «Al-MadarMagazine» ýaly esasy neşirleri eýýäm forum baradaky makalalaryny çap etdiler, bu bolsa Ýakyn Gündogar sebiti tarapyndan bildirilýän gyzyklanmanyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, «TheInvestor» atly abraýly maliýe neşiri TIF-2024-i öz esasy wakalarynyň senenamasyna goşdy. Bu bolsa forumyň dünýä derejesindäki maýa goýum giňişliginde ähmiýetlidigini ýene bir gezek ýüze çykarýar.

 

Forum Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we esasy halkara maliýe institutlarynyň wekilleriniň, şeýle hem energetika, infrastruktura hem maliýe ulgamyndaky bilermenleriň arasynda özara gatnaşyklar üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Çäräni alyp barmaga çagyrylanlaryň hatarynda özleriniň belet ulgamlarynda çuňňur bilimlere we tejribä eýe bolan abraýly adamlar bar.

 

Bütindünýä Söwda guramasyna girmek meseleleri boýunça bölümiň direktory Maýka Oşikawa foruma gatnaşyjylaryň esasylarynyň biri bolup, ol Türkmenistanyň dünýäniň söwda ulgamyna ýakynlaşmagy ugrundaky işler babatda öz garaýşyny paýlaşar. BSG-niň hukuk meseleleri boýunça wekili Anna Warýanik halkara hyzmatdaşlygyň hukuk ugurlary barada gürrüň berer. Bütindünýä bankynyň Gazagystandaky hemişelik wekili Andreý Mihnewiň gatnaşmagy hem foruma aýratyn ähmiýet berýär, ol sebitiň ykdysady taýdan ösüşine Bütindünýä bankynyň garaýyşlary barada beýan eder. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa bölüminiň müdiri Uilýam Tompson hem-de BMG-niň ÝYT-niň DHH-y bölüminiň ýolbaşçysy Toni Bonniçi çykyş edip, ählumumy ýagdaýlar babatda ykdysady we durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary barada gürrüň bererler.

 

«Türkmenistanyň maýa goýum forumy» ýurdumyzyyň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşygyny pugtalandyrmaga we gaýtadan dikeldilýän energetikanyň esasy ugurlaryna, ulag infrastrukturasyny ösdürmäge ýa-da energetika, infrastruktura, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk ýaly ýörite ykdysady zolaklary döretmäge göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir. Forumyň dowamynda durnukly ösüşe we ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen dürli taslamalar hem-de başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylar. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanşyp, täze işewür gatnaşyklary ýola goýup, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşyp hem-de özara bähbitli ylalaşyklary baglaşyp bilerler.

 

TIF-2024-iň diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetli waka bolmagyna garaşylýar. Forum halkara hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagyna hem-de ählumumy derejede ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny berkitmegine ýardam eder.