Aşgabatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri üçin usuly-amaly okuwlar geçirildi
2024-nji ýylyň 12 – 17-nji awgusty aralygynda Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri üçin usuly-amaly okuwlar geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan bu çäre ýurduň mekdebe çenli bilim ulgamyny ösdürmegiň we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gurnaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipeleriniň seljermesi okuwlaryň gün tertibiniň merkezinde orun aldy. Okuwlara gatnaşyjylar bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine, bilimli we maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegiň usullaryna, şeýle hem innowasion tehnologiýalary okatmak işine ornaşdyrmagyň meselelerine garadylar.
Ýetip gelýän 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns çekildi. Bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ýaňy-ýakynda kabul edilen kadalaşdyryjy resminamalary, şol sanda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 – 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.