“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hyzmatlary hödürleýär

“Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa ýük daşamalaryndaky resmi agenti hökmünde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçarlar arkaly ýük gatnawlarynda ýükleriň ýol hatlaryny resmileşdirip bermek, şeýle hem gümrük amallaryny ýerine ýetirmäge ygtyýarly Gümrük dellaly hökmünde gümrük düzgünnamasyna laýyklykda, harytlary deklarasiýalaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýär.

 

Hyzmatlaryň ýerine ýetirilýän ýeri: Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýük terminaly hem-de paýtagtyň Berkararlyk etrabynyň B.Annaýew köçesiniň 141-nji jaýy. 

 

Habarlaşmak üçin: Gümrük dellaly – Amangeldiýew Hangeldi Kuwwatgeldiýewiç +993 63 007040, +993 12 287949.