«Türkmenistan» teleýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Gurbandurdy Jumaberdiýewiç Begenjow bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 13-nji awgustda degişli Kararlara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.