Meşhur türkmen halysy Moskwadaky sergide görkezildi
Moskwadaky Bütinrussiýa bezeg sungaty muzeýinde «Taryhlar» halysy atly uly sergi açyldy. Muzeýiň ýedi zalynda 1930 – 1980-nji ýyllarda Russiýanyň, Kawkazyň we Orta Aziýanyň halyçylyk merkezlerinde dokalan halylaryň uly toplumy sergiledi.
Gymmat bahaly bu del önümleriň arasynda «Atly ýöriş» atly meşhur türkmen halysy-da bar. 1937-nji ýylda Aşgabadyň haly fabriginde dokalan özboluşly halynyň ýordumy 1935-nji ýylda Aşgabat – Moskwa aralygynda geçen rowaýaty atly ýörişe bagyşlanypdyr.
Otuz çapyksuwardan ybarat atly topar 84 günüň dowamynda 4300 kilometrlik agyr ýoly geçipdir. Ýörişiň ugry Garagumyň ürgün çägeliginden, takyrlar we şorluklar bilen doly Üstýurt belentliginden, Gazak çöllerinden we Russiýanyň tokaý-sähralyklaryndan ýol salypdyr.
Türkmen atlary çydamlydyklaryny we ygtybarlydyklaryny subut etdiler. Bu taryhy ýöriş jemgyýetçiligiň ägirt uly ünsüni özüne çekdi, oňa gatnaşanlar bolsa mertliklerini görkezdiler. Hut şunuň üçin-de, bu meşhur ýörişiň wakalary çeper elli türkmen halyçylarynyň dokan ajaýyp halysy üçin ýordum hökmünde saýlanyp alyndy.
Türkmen atlarynyň edermenligini wasp edýän bu haly dokalyp gutarylanyndan iki ýyl soň, Aşgabat haly fabriginde saklanyp galan çyzgylar we ülňüler boýunça ikinji haly ýüwürdilipdir. Ol göllerindäki ujypsyz üýtgetmeler bilen tapawutlanýar. Bu haly şu güne çenli Aşgabatda saklanýar.
Bütinrussiýa bezeg sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan «Atly ýöriş» atly türkmen halysy 2014-nji ýylda Moskwadaky ýörite sergide goýlup, ýeke-täk gymmatlyk hasaplandy.
«Taryhlar halysy» sergisi 13-nji oktýabra çenli dowam eder. Sergä gelenlere halyçylygyň taryhy, göller we biçüwler boýunça gyzykly sapaklar, şeýle hem gezelençler garaşýar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, sergä gelen her bir adam dürli halklaryň halyçylyk sungatynyň eserleri bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde taýýarlyk işleri birnäçe ýyl dowam edipdir.