Gyrgyzystanda sebitiň iri logistika parky dörediler

2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň “A” derejeli iri logistika parky Gyrgyzystanda öz işine başlar. Bu barada bu boýunça taslamanyň konsultanty “NF Group” kompaniýasy özüniň web-saýtynda habar berýär. 

163 müň inedördül metr çägi tutjak täze logistika parky ýurduň Çuý sebitiniň Alamedin etrabynda 28,8 gektar ýerde peýda bolar. Bu toplum Hytaýy we Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlary bilen birikdirýän möhüm üstaşyr ýollaryň kesişýän ýerinde gurlar. Logistika parkynyň çäginde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap ammarlar, duralga we gorag zolaklary, giriş we çykyş ýerleri bolar. 

“Asia Park” diýlip atlandyrylýan bu logistika parky harytlary we hyzmatlary ýerlemäge, elektron söwdany ösdürmäge we Gyrgyzystanyň distribýutorçylyk bilen iş alyp barýan kompaniýalarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga şert döreder. Taslamanyň çäklerinde ýükleri gaýtadan işlemek, saklamak we ýüklemek hem-de ýerleri kärendesine bermek hyzmatlary hödürlener. 

“Asia Park-yň” dolandyryş direktory Kirill Şewçenkonyň bellemegine görä, taslama sebitiň harytlary üpjün edijileriniň we sarp edijileriniň arasynda arabaglanyşygy döretmek, “A” derejeli ammarlar bazaryny ösdürmek işine täze başlangyç berip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösüşinde täze möhüm ädim bolar. 

Häzirki wagtda Gyrgyzystanda bar bolan derejeli amatly ammar çäginiň jemi möçberi 46 müň inedördül metr bolup, şonuň 75 göterimi “B” derejelidir. Bellenişi ýaly, “Asia Park” bu ugurda täze mümkinçilikleri açar.