Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndy topary Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyna gatnaşmak üçin Samarkanda ugrady

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy topary 15 — 23-nji awgust aralygynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek Aziýanyň we Okeaniýanyň 4-nji çempionatyna gatnaşar.

 

Türkmenistanyň Adaty karate federasiýasynyň ýolbaşçysy hem-de tälimçisi Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetine türgenleriň 29-sy, eminleriň 4-si hem-de tälimçileriň 2-si agzalyk edýär.

 

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň iýunynda Almaty (Gazagystan) şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy topary 9 medal gazanypdy.

 

Şu ýylyň martynda bolsa türkmen türgenleri Russiýanyň Iwanowo şäherinde geçen fudokan karate boýunça Dünýäniň açyk kubogynyň 13 medalyna eýe boldular.