«Aşgabatgaz» müdirligi paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylaryna ýüzlenýär

«Aşgabatgaz» müdirligi Aşgabat şäheriniň ähli ýaşaýjylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň milli baýlygy bolan tebigy gazy seresaply we tygşytly peýdalanmagy haýyş edýär. Şeýle hem müdirlik müşderilere gaz hasaplaýjysynyň ýazgysyna görä sarp edilýän gaz üçin G.Gulyýew köçesindäki 81-nji jaýda ýa-da bank terminalynda töleg geçirmegi ýatladýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.

 

Töleg meselesi barada maglumat üçin 23-29-61 belgä jaň edip bilersiňiz. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň maglumat merkeziniň barlaghanasynda gaz hasaplaýjylaryny barladyň. Gaz hasaplaýjylary her 5 ýylda bir gezek barlanýar.

 

Gaz enjamlaryny ulananyňyzda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediň. Diňe howa çekijisi açyk bolan gaz peçini ulanyň. Gaz peçleriniň uzak wagtlap işlemegi bilen otagda kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy ýokarlanýar, bu zäherlenmä sebäp bolup biler. Merkezi ýyladyşly ýaşaýyş jaýlarynda gaz ýyladyş enjamlaryny oturtmaga ýol berilmeýär.

 

«Aşgabatgaz» müdirligi paýtagtyň ýaşaýjylaryna ýangyn howpsuzlygy düzgünlerine aýratyn üns bermelidigini ýatladýar. Bu düzgünleriň bozulan ýagdaýynda gaz edarasynyň işgärleriniň şeýle gaz enjamlaryny öçürmäge hukugy bar.

 

Gaz enjamlaryny rugsatsyz gurmak, täzeden gurmak, birikdirmek ýa-da bejermek gadagandyr. Bu meseleler boýunça «Aşgabatgaz» müdirligine ýüz tutuň. G. Burunow köçesi, 7/2, telefon belgisi: 92-05-02.

 

Zäherlenmelerden, partlamalardan, ýangynlardan we gaz bilen baglanyşykly beýleki hadysalardan gaça durmak üçin gaz ulananyňyzda howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý ediň:

 

Gaz enjamlary işleýän mahaly aşhananyň penjiresi açyk bolmaly we otag mümkin boldugyça ýygy-ýygydan şemalladylmaly;

 

Howalandyryş kanallarynyň gözeneklerini ýapmak ýa-da möhürlemek gadagandyr;

 

Gaz peçindäki krany açmazdan ozal, ýakylýan otluçöp çakyp, gaz çykmaýandygyny barlap görüň;

 

Howur peçini ýakmazdan ozal, aşhana 2-3 minutlap şemalladylmaly;

 

Gazyň üstüne suwdan doldurylan gaplary goýmaň. Gaýnap duran suw alawy öçürip biler we otaga gaz ýaýrar;

 

Her gezek ýyladyş ýa-da suw gyzdyryjy enjamlary açmazdan ozal, tüsseçykarlaryň dogry işleýändigini barlamaly;

 

Ýaş çagalaryň we gaz bilen işlemegiň düzgünlerini bilmeýän adamlaryň gaz enjamlaryny ulanmagyna ýol bermäň;

 

Işleýän gaz enjamlaryny gözegçiliksiz goýmaň;

 

Öýde ýasalan, öýde öndürilen gaz gorelkalaryny ulanmaň. Diňe zawodda ýörite howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilip, öndürilen gorelkalary ulanmaly.

 

Otagda gazyň ysyny duýsaňyz:

Gaz enjamlaryny ulanmagy bes ediň we ähli gaz kranlaryny öçüriň;

 

Howa çalşygy üçin penjireleri we gapylary açyň;

 

Elektrik enjamlaryny açmaň we öçürmäň;

 

Gyssagly kömek gullugyna (04) jaň ediň.