Minskdäki Dostluk öýünde Magtymguly Pyraga bagyşlanylyp çäre geçirildi
Minskde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre 14-nji awgustda Belarussiýanyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň we medeni gatnaşyklarynyň binasy bolan – Dostluk öýünde geçirildi.
Dabaraly çärä Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Minskde ynanylan diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Tejribe-tehniki hünär Belarus-özbek pudagara institutynyň direktory, fizika we matematika ylymlarynyň doktory, professor Igor Gonçarenok dagylar gatnaşdy. Şeýle-de žurnalistler, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Minskiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdy.
Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew hem-de Belarussiýanyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň we medeni gatnaşyklarynyň Prezidiumynyň Başlygy Nina Iwanona gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Ilçi gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde köpsanly ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek “Medeniýetleriň we döwürleriň arabaglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiniň esasy” atly Halkara maslahatynyň konsepsiýasy barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän giň gerimli dabaralarynyň ýylyna öwrülendigini, Şagulyýew belläp geçdi. Munuň bilen baglylykda diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde Magtymgula bagyşlanylyp geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.
Soňra Belarussiýanyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň we medeni gatnaşyklarynyň Prezidiumynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynda tutýan orny barada aýtmak bilen, türkmen şahyrynyň goşgularyny belarus diline terjime etmekde öz uly goşandyny goşan M.Mýatliskiniň, R.Boroduliniň, G.Çarkazýanyň, W.Şnipiň, K.Komeýşanyň işleri barada aýratyn belläp geçdi.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan nutuklary bilen Belarus Respublikasynyň at gazanan medeniýet işgäri, Belarusyň milli edebiýat baýragynyň ýeňijisi Mihail Pozdnýakow hem-de belarus aktýory, režissýory, telealypbaryjysy Oleg Winýarskiý hem çykyş etdiler.
Dabara meşhur edebiýatçy, şahyr we žurnalist, Fransisk Skorino medalynyň eýesi Wiktor Şnipiň çykyşlary bilen dowam etdirildi.
Magtymgulynyň goşgularyny türkmen, belarus we rus dillerinde okan talyplar hem-de Belarussiýanyň dostluk jemgyýetiniň agzalary häzirki döwürde Magtymgulynyň ýörelgeleriniň ähmýeti baradaky pikirleri bilen paýlaşdylar.
Diplomatik wekilhanasynda habar berilmegine görä, çäräniň çäklerinde mowzuklaýyn wideoýazgylar, fotosuratlaryň we kitap neşirleriniň kiçiräk sergisi görkezilip, saz çykyşlary hem ýerine ýetirildi.