Ýaş hünärmenler Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäherinde sanly ykdysadyýetiň ösüşini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde aragatnaşyk pudagynda işleýän ýaş hünärmenleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk ähli pudaklarda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, internet birikmeleriniň hilini ýokarlandyrmak hem-de kiberhowpsuzlygy güýçlendirmek ýaly sanly ykdysadyýetiň geljekki ösüş ugurlary boldy.
Ýurtda alnyp barylýan sanlylaşdyrma işlerinde ýaşlaryň eýeleýän ornuna aýratyn üns çekildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýaş hünärmenleriniň Arkadag şäherinde sanly ulgamlary gurnamak we häzirki zaman tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak işlerine işjeň gatnaşýandygy bellenildi.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurduň Hökümeti täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy çözgütleriň ýaşlar tarapyndan netijeli ulanylmagy üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýär.
Duşuşygyň netijesinde, ýaş hünärmenler degişli ugurda öňde durýan wezipeleri amal etmekde irginsiz işlemegi dowam etdirip, Türkmenistanyň tehnologik ösüşine goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.