Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi TASS-a energetika we ulag hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşi boldy. Russiýa agentligi diplomatyň energetika we ulag pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky beýanyny çap etdi.

Ilçiniň sözlerine görä, Eýran türkmen gazynyň Azerbaýjana çalşyk üpjünçiligini 4,5-5 million kub metrden günde 7-7,5 million kub metre çenli artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, Saragt liniýasynda çalyşyk üpjünçiligi mümkinçiliginiň 20 million kub metre ýetýändigini belläp geçdi.

Şeýle hem ilçi, Eýranyň Türkmenistan bilen ulag üstaşyr nyrhlaryny azaltmak barada ylalaşandygyny we ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň tertibini ýönekeýleşdirmek üçin işleýändigini habar berdi.

«Häzir biz ýurtlarymyzdan üçünji ýurtlara üstaşyry köpeltmek üçin üstaşyr nyrhlaryny düşürdik. <...> Biz ýurdumyzyň dürli kanunçylygy, gümrük amallary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin gepleşikler geçirýäris», - diýip Golam Abbas Arbab Halesiň aýdanlaryny metbugat gaýtalaýar.

Şeýle hem ol, Eýranyň Özbegistan bilen şuňa meňzeş gepleşikler geçirýändigini aýtdy.

Ozal Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň bu üç ýurdy birleşdirýän halkara ulag geçelgesini döretmek we degişli ylalaşyga gol çekmek isleýändigi habar berildi.