Türkmenistan we UNEP daşky gurşaw meselelerini çözmek bilen baglanyşykly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdy
Şu gün, 16-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory hanym Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek ugrunda halkara, sebit we milli derejelerde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini tassykladylar.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlary bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meseleleri, hususan-da ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda goşulan Ählumumy metan borçnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.
MARS ulgamy arkaly ýüze çykarylan zyňyndylar barada täze maglumatlaryň yzigederli berilmeginiň mehanizmini işläp taýýarlamak maksady bilen, Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasy (IMEO) bilen bilelikdäki taslamanyň çäginde işleriň başlanandygy bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler Hazar meselesine hem degip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe sürlen «Hazar ekologik başlangyjyny» işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hanym Inger Andersen şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan tarapyndan halkara guramalary bilen bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşmaga çakylygy üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýtdy.