Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda geçirilýän IX Hazar metbugat forumyna gatnaşýar

16-17-nji awgustda Astrahanda IX Hazar metbugat forumy geçirilýär. Onuň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşikler bölüminiň baş redaktory Mekan Hudaýberdiýew gatnaşýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berlişi ýaly, şu gün metbugat forumyna gatnaşýan ýurtlaryň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, şeýle hem Belarusyň we Özbegistanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

17-nji awgustda umumy mejlis we mowzuklaýyn 5 duşuşyk meýilleşdirilýär. Foruma gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi ýaly temalarda pikir alyşarlar.

Forumyň çäginde ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär.

Däp bolşy ýaly, forumda «Serhetsiz Hazar» atly bäsleşik boýunça iň oňat žurnalistik eserleriň netijeleri jemleniler.

Forum Hazar döwletleriniň bilelikdäki simfoniki orkestriniň çykyşlaryndan ybarat boljak «Hazar möwsümleri» medeni festiwaly bilen dowam etdiriler. Orkestrde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalary bar.