Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasyna bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dowam edýän günlerinde “Arçman” şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de ýurduň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.
“Arçman” şypahanasynda dynç alyşda bolýan R.Bazarow häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurtda döwlet we halkara derejeli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bilelikde, geçiriljek çärelere, hususan-da, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde geçiriljek “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň, saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
R.Bazarow ýurduň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylmagy bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlaryny berendigi üçin Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Zähmet rugsadynda bolýan Halk Maslahatynyň Başlygy soňra dünýä belli “Arçman” şypahanasynyň çägi boýunça özüniň agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.
Gahryman Arkadag agtyklarynyň dynç alyş möwsümi döwründe öwrenen bilimleri, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi bilen gyzyklandy.
Çeper döredijilige, şol bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň eserlerinden ybarat bolan täze kitabyň sahypalaryny açyp, beýik söz ussadynyň goşgularyny okady.
Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň her bir adamda ruhubelentlik duýgusyny döredýändigini belläp, alym Arkadag akyldar şahyryň goşgularynyň ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydygyny, onuň eserleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyny aýtdy.