Azerbaýjan Hazar sebitiniň iri ulag merkezine öwrülmegini goldaýar

– Hazar deňzi bizi birleşdirýän örän gymmatly çeşme bolan parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzidir. Baku biziň ýurtlarymyzyň Hazardaky özara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär -diýip,  Hazar meseleleri boýunça geçirilen halkara maslahatda çykyş etmek üçin çagyrylan Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nariman Orujaliýew aýtdy.

Onuň pikiriçe, hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk Hazar deňzinde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýar.

Diplomat Hazar deňziniň köpsanly halkara we sebit taslamalarynyň bir bölegidigini belledi. Hazarýaka döwletleriň arasynda ulag pudagynda baglaşylan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalar sebiti ösen infrastrukturasy bolan esasy halkara ulag merkezine öwürmek üçin oňat esas döredýär.

“Häzirki wagtda Azerbaýjan Ýewraziýanyň möhüm ulag we logistika merkezlerinden biridir. Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgeleriniň ösmeginde biziň ýurdumyz möhüm rol oýnaýar – diýip, Orujaliýew Azerbaýjandan Türkiýä we Ýewropa goşmaça ugur boljak Zangezur geçelgesi boýunça respublikada alnyp barylýan işjeň işler barada habar beridi. Onuň aýtmagyna görä, Azerbaýjanyň çäginde bu taslama boýunça gurluşyk işleriniň takmynan 70%-i tamamlandy.

Diplomat: "Şeýlelik bilen, diňe bir Baku-Tbilisi-Kars ugry däl, Zangezur geçelgesi hem Azerbaýjanyň üstünden geçer" – diýip, diplomat nygtady.

“Biz Azerbaýjanyň çäginden Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ýük daşamanyň ýylaşa köpelýändigini görýäris. Alyat täze halkara deňiz söwda portunyň üstünden geçýän üstaşyr ýükleriň mukdary artýar. Bu portuň gurulmagy we ulanyşa berilmegi Azerbaýjanyň Hazar deňzinde ulag we logistika infrastrukturasynyň ösmegine goşan möhüm goşandy boldy" - diýip, Nariman Orujaliýew sözüni jemledi.