«Turkish Airlines» uçarlary ýuanda maliýeleşdiren Hytaýyň daşyndaky ilkinji awikompaniýa boldy
«Turkish Airlines» uçarlaryň maliýeleşdirmesini hytaý ýuanynda üpjün eden Hytaýyň daşyndaky ilkinji awikompaniýa boldy. Bu kompaniýanyň walýuta portfelini diwersifikasiýalaşdyrmak we hytaý bazaryndaky ornuny berkitmek boýunça strategiýasynyň möhüm tapgyrydyr.
2024-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli «Turkish Airlines-iň» flotunyň üstüni ýetiren üç sany täze «Airbus A350» uçary «AVIC International Leasing» we «CCB Financial Leasing» kompaniýalary tarapyndan ýuanda maliýeleşdirildi. Bu şertnama diňe bir awiakompaniýanyň maliýe ýagdaýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň barha artýandygyny görkezýär.
«Turkish Airlines-iň» Geňeşiniň we Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, professor Ahmet Bolat bu üstünligiň ähmiýetini nygtady: «Maliýe portfelimize bäşinji walýutany goşmak bilen, biz diňe bir walýuta hejirlemesi strategiýalaryny goldamak bilen çäklenmän, eýsem, maliýeleşdirmegiň çykdajylaryny hem azaldýarys. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynamy subut edýär we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar».
«Turkish Airlines» maliýeleşdirmäge innowasion çemeleşmeleri bilen tanalýar we soňky on ýylda takmynan 16 milliard ABŞ dollaryna barabar üstünlikli maliýeleşdiriş taslamalary üçin 30-dan gowrak halkara baýraklaryny aldy. Kompaniýa uçuşlaryň ýygylyklaryny artdyrmak we sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly hytaý bazaryndaky ornuny berkitmegini dowam etdirýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy G.Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
- elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon (+993 61) 01 44 33;
- web-saýt turkishairlines.com.
Şeýle-de okaň: