Özbegistan senagaty dolandyrmagyň dik çyzykly ulgamyna geçýär

Respublikanyň Milli maglumat agentliginiň habar bermegine görä, Özbegistanda senagaty dolandyrmagyň dik çyzykly ulgamy döredilýär.

Etraplarda we şäherlerde senagat kärhanalary bilen işleşmegiň “respublika-welaýat-etrap” ýörelgesiniň esasynda dik çyzykly ulgamynyň ýola goýulmagy Özbegistan Respubikasnyň Prezidentiniň “Etraplarda senagat kuwwatyny mundan beýläk ösdürmegiň goşmaça çäreleri baradaky” Kararyna laýyklykda alnyp barylýar.

Senagat kärhanalary bilen işleşmek üçin etraplarda aşakdyklar döredilýär:

Etraplarda we şäherlerde – hokimiň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda salgyt we statistiki edarlarynyň, banklaryň we ykdysady infrastrukturaly kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan ybarat territorial ştablar;

Ykdysadyýet we maliýe ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda territorial ştablaryň işini utgaşdyrmak boýunça respublikan ştaby.

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Garagalpagystanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň hem-de welaýatlaryň we Daşkent şäheriniň Ykdysadyýet we maliýe baş müdirlikleriniň düzüminde 5 düzüm birliklerinden ybarat senagaty ösüşi boýunça Birleşdirilen bölümler dörediler, etrap (şäher) ykdysadyýet we maliýe bölümlerinde bolsa senagaty ösdürmek boýunça baş hünärmen wezipesi giriziler.