Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki desgalar satuwa çykarylýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de mobil goşundysy arkaly bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.
Bäsleşikli söwda 2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär. Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Azyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň«Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleri birnäçe desgalary satuwa çykarýar. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Degişli maglumatlar bäsleşikli söwdanyň geçiriljek meýdançasy bolan www.e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Döwlet eýeçiligindäki desgalar olaryň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- Aşgabat şäherinde (+993 12) 92-12-97, 92-11-34, 39-46-63/73/69;
- Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21, 33-1-80;
- Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34, 7-89-17, 7-89-53;
- Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19, 9-15-10;
- Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52, 6-11-59;
- Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87, 6-05-41.