«Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi
Murgap jülgesindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi.
"Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Olar bilelikde, ilki bilen, «Alkyş Size, Arkadagly Serdarymyz!» diýen aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Ýaş zehinleriň sahnada özüni alyp barşyna, egin-eşigine, aýdymlaryň sözüni dogry ýerine ýetirişine eminler topary tarapyndan mynasyp baha berildi.
Bäsleşikde ýaş zehinli aýdymçylaryň ikisi — Sakarçäge etrabyndan Ýusup Orazgylyjow hem-de Mary şäherinden Mähri Hojakowa ýeňijiler hökmünde yglan edildi. Olar telebäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.