Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlary Malaýziýada önümçilik tejribeligini geçýärler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 19 — 30-njy awgusty aralygynda Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetinde iki hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Şeýle hem uniwersitetiň mugallymlarynyň üçüsi 19 — 23-nji awgusty aralygynda bir hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek üçin Petronas Tehnologik uniwersitetinde bolýarlar. Bu barada Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.
Uniwersitetiň mugallymlary Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem, mugallymlar bu ýokary okuw mekdebinde okuw-usulyýet işleriniň guralyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşýarlar.
Özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda giňden hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guralýar.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler diýlip, habarda bellenilýär.