Türkmenistan Pakistan kompaniýasy bilen infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy
Şu gün, 22-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem taraplar şäher gurluşygy, ýol-ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak we suwaryş ulgamlaryny gurmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanda meýilleşdirilýän iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmekde we «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň üstünlikli köp ýyllyk tejribesini nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.