«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 21-nji awgustda bolan duşuşykda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory çykyş edip, institutyň alyp barýan işi, okadylýan ugurlar, ýaş deňizçileri taýýarlamak boýunça jemgyýetçilik çäreleri barada prezentasiýa arkaly gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmekligi dowam etmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.