Kiýewde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi

Ýubileý ýylynyň awgust aýynda Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi.

Gündogaryň beýik akyldary we görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Ukrainada bilim alýan türkmen talyp ýaşlarynyň, häzirki zaman ukrain öwrenijileriniň we şahyryň goşgularynyň terjimeçileriniň gatnaşmaklarynda çäre geçirildi.

Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşulan şahyryň goşgulary Magtymgulynyň Kiýew şäherindäki merkezi seýilgähindäki heýkeliniň ýanynda we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gözel ýerlerinde türkmen we ukrain dillerinde okaldy.

Dogduk watana bagyşlanan “sena” bolan, hem-de türkmen halkynyň gahrymançylykly geçmişi we abadan geljegi barada ýazylan “Türkmeniň” goşgusy türkmen talyp ýaşlary tarapyndan Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda okaldy.

Bu eser bizi Türkmenistanyň giň sähra giňişligine, Amyderýadan Hazar deňzine çenli alyp barýar, tükeniksiz çöllerden, sähralardan we dag derýalaryndan geçirýär, gaýduwsyz türkmenleriň we doganlyk halkyň keşbini suratlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, Kiýew seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň eteginde granit daşynyň ýüzünde bu beýik goşgynyň TIRELER GARDAŞDYR, URUG ÝARYDYR,
YKBALLAR TERS GELMEZ HAKYŇ NURUDYR

ýaly setirleri türkmen we ukrain dillerinde ýazylan.

Magtymgulynyň goşgulary dürli ýurtlaryň dillerinde okalýar. Şunlukda, meşhur ukrian medeniýet we sungat işgärleri – döwlet baýragy - “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi, şahyr we prozaçy Alekseý Kononenko we Pyragynyň döredijiligini ýadawsyz öwreniji, professor Nikolaý Waksiw dagylar şahyryň pelsepewi “Ýagşylyk we ýamalyk”, “Gözlär men” goşgularyny ukrain dilinde çeper okaýarlar.

Beýik şahyryň eserleri köptaraply we olarda dürli mowzuklaryň sazlaşygyny duýup bolýar. Şahyryň şygyrlarynyň mowzuklarynda terbiýe mowzugy aýratyn orun tutýar. Pyragynyň eserleri asylly we akylly ýaşlary terbiýelemek üçin esas bolup durýar.

Bulardan başga-da şahyryň öwüt-ündew şygyrlarynda terbiýeçilik äheňine aýratyn üns berilýär, ýagny batyrlyk, dogruçyllyk, maksadaokgunlylyk, zähmetsöýüjilik, ululara hormat goýmak, milletiň agzybirligi we Watana bolan söýgi ýaly häsiýetler aýratyn orun eýeleýär.

Ýaşlar üçin bu wajyp we möhüm mowzuklar boýunça şahyryň «Gözlär men», «Zarlar içinde», «Solupdyr pygan bilen», «Neýleý, indi biçäreýem», «Gyş goýar», «Полетів я, друзі мої…» ýaly goşgular talyp ýaşlar tarapyndan çeper okaldy.

Çeper okaýyşa gatnaşyjylar tomaşaçylary şahyryň duýgular dünýäsine çümdürmegi we eserleri milli ruhda ýerine ýetirmegi başarandyklary şübhesizdir.