Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş bagşy ýigitleri we gyzlary!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda iri möçberli döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler mähriban Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdýär. Umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolup, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar.

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!

Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki döwürde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen tutumly işler barha rowaçlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda köp sanly aýdymlary döredendigini, her bir türkmeniň kalbynda aýdym aýtmaga, saz gurallaryny çalmaga bolan söýginiň ýatandygyny, ata-babalarymyzyň aýdym-saz sungatyny söýüp, oňa hormat goýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň kalbynda aýdym-saz sungatyna sarpaly garaýyş we egsilmez söýgi bar. Türkmen ilinde tutulýan tomaşaly toýlaryň bezegine öwrülen aýdym-saz sungatymyz dutardyr gyjagyň, tüýdügiň sazlaşykly owazyndan döräp, halkyň ruhy ganatyna öwrülipdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çärelerde bagşylarymyzyň aýdýan joşgunly aýdymlary, sazandalarymyzyň çalýan şirin sazlary ynsan kalbyna ýagşy duýgulary eçilip, göwünlere ylham bolup ornaýar.

Mähriban bagşy-sazandalarymyz!

Biz milli bagşyçylyk we saz sungatymyzda öz kämil aýdym-sazlary bilen halkyň hakydasynda ýaşaýan halypa bagşy-sazandalarymyza buýsanmaga haklydyrys. Muhy bagşy, Oraz Saryýew, Geldi Ugurlyýew, Tugur Berdinyýazow, Kiçi Geldimyradow, Giçgeldi Amanow, Geldimämmet Orazgulyýew, Oraznepes Döwletnazarow, Döwletgeldi Ökdirow, Oraz Begnyýazow, Japar Hojanepesow, Baky Maşakow, Tüýli Otuzow, Sarman Hudaýberdiýew, Gurban Seýitmämmedow, Ryzaguly Ataýew, Myrat bagşy, Öwezmyrat bagşy, Durdy Myradow, Gaýgysyz Çaryýew we başga-da ençeme ussat bagşy-sazandalarymyz milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşdular. Meşhur halypalaryň sungat älemindäki ýoluny häzirki wagtda ýaş bagşy-sazandalar mynasyp dowam etdirýärler. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty köp ýyllar bäri dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýär.

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen dutarynyň şabram şelpelerinden çykýan şirin mukamlar ajaýyp döwrümiziň, bagtyýar zamanamyzyň belent waspy bolup ýaňlanýar. Geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!

Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhunly geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen bagşyçylyk we saz sungatyny täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.