«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
Balkanabat şäherindäki döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda guralan «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa günbatar sebitiň etraplardyr şäherlerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Döredijilik bäsleşiginde welaýatyň teatr toparlary sahna eserlerini ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Onuň dowamynda balkanly artistler birnäçe ugurlar boýunça özleriniň zehinlerini, ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýle-de dürli döredijilik toparlarynyň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijilik dünýäsini, egsilmez milli gymmatlyga öwrülen genji-hazynasyny, baý mazmunly şygyrlaryny täsirli, tolgundyryjy öwüşginlerde ýaýan sahna eserleri şowly boldy.
Teatr toparlarynyň arasynda geçen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenende, welaýatyň Magtymguly etrabynyň halk teatry birinji orny eýeledi hem-de döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Şeýle-de welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň we Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölümleriniň halk teatrlary degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.