Daşoguz welaýatynda alty ýaşly çagalaryň 34 müňe golaýynyň birinji synpa okuwa gelmegine garaşylýar

Demirgazyk welaýatyň çägindäki jemi 531 mekdebiň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, welaýatda dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 31-si bolup, olarda ýaş nesillere iňlis, fransuz, nemes, arap, hytaý, ýapon, pars, italýan dilleri hem-de tebigy we takyk ugurly dersler boýunça ýörite maksatnamalaýyn bilim berilýär.

Welaýatda şu ýyl alty ýaşly çagalaryň 34 müňe golaýynyň birinji synpa okuwa gelmegine garaşylýar. Çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat beriljek noutbuk kompýuterleri doly taýýarlanyldy.

Täze okuw ýylynda birinji synpy okatjak mugallymlar bilen okatmagyň aýratynlyklary hem-de kompýuter öwrenmek boýunça ýörite hepdelik okuwlar guraldy.

Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek gadam basýan çagalary gyzgyn naharlar bilen üpjün etmek meseleleri hem doly çözüldi.

Häzir Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezi üpjünçilik edarasyndan täze neşir edilen okuw kitaplary we gollanmalary öz wagtynda gelip gowuşýar. Şol neşir önümleri okuwçy sanyna laýyklykda, orta mekdeplere degişli mukdarda paýlanylýar.

Welaýatda şu ýyl ýaşlaryň 19 müňden gowragy orta mekdepleri üstünlikli tamamladylar diýlip, habarda bellenilýär.