Türkmenistanda Kamboja Patyşalygynyň ilçisi işe başlady
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Kambojanyň ýokary ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna aýratyn üns çekildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we alyp barýan işi, ýurtda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekdäki orny bilen hem tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygyň türkmen-kamboja gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.
Bitarap Türkmenistanda Kamboja Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, ilçi däp bolan dostlukly, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.