Türkmenbaşy portundaky daşary ýurt gämileri reýdde goşmaça ýangyç alyp bilerler

Deňiz söwda floty Türkmenbaşy Halkara portuna girýän daşary ýurt gämilerine bukkerleme hyzmatyny, ýagny diňe gämi duralgalarynda däl, eýsem reýdlerinde hem dizel ýangyjyny guýma hyzmatyny hödürleýär.

 

Kenar ýakasyndan belli bir uzak aralykda ýangyç guýmak mümkinçiligi syýahat wagtyny ep-esli tygşytlaýar we bunkerlemeden soň gämilere bellenen ugry ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

 

Bunkering, Deňiz söwda floty” ÝGPJ – milli ýük daşaýjynyň saýtynda berilýän habara görä, ýangyçdan başga-da daşary ýurt gämilerini agyz suwy we iýmit bilen üpjün etmek mümkinçiligi bolan Serpay” gämisi tarapyndan amala aşyrylýar.