“Belavia” awiakompaniýasynyň bilet satuwynda bökdençlik bolmaz
“Belavia” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ulgamynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly biletleriň satuwynda hiç-hili bökdençlik bolmaz.
Ýakynda Belarus döwletiniň awiakompaniýasy 1-nji sentýabrdan başlap, birnäçe goşmaça hyzmatlary bes edýändigi hakynda habar ýaýradypdy. Şonda mälim edilişi ýaly, bes edilýän hyzmatlar uçar gatnawynda ýer saýlamak, goşmaça ýük we sport enjamlaryny alyp gitmek mümkinçiligini aradan aýyrmagy mümkin.
Bu hakda habar sosial ulgamlarda tiz wagtda ýaýrap, awiakompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderilerde, şol sanda daşary ýurtly talyplarda soraglary döretdi.
Awiakompaniýanyň mälim etmegine görä, hyzmatlaryň bu çäklendirmesi täze maglumat ulgamyna geçilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne munuň haçan başlap, haçan gutarjakdygy hakynda häzirki wagtda belli bir zat aýdylmaýar.
Awiakompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasy täze ulgama birnäçe günüň içinde – 3-4-nji sentýabra çenli geçer.
Mälim edilişine görä, awiabiletleriň Türkmenistandaky satuwynda täze maglumat ulgamyna geçilmegi bilen bökdençligiň ýüze çykjakdygy göze ilmeýär.