Türkmenistanda döwlet we hususy notariuslar tarapyndan kasam kabul etmegiň täze tertibi tassyklandy
Döwlet notariusynyň we hususy notariusyň kasamyny kabul etmegiň tertibini hem-de olaryň hünär etikasynyň kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň adalat ministriniň buýrugy tassyklanyldy. Degişli buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda 1823 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Degişli buýrukda döwlet notariusynyň we hususy notariusyň Kasamyny kabul etmegiň tertibi hem-de döwlet notariusynyň we hususy notariusyň hünär etikasynyň kadalary bar.
Döwlet notarial edarasynda ýa-da hususy notariusda tälim alyjylygy geçen tälim alyjy degişlilikde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň ýa-da Hukuk işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň hünär synagyndan geçýär.
Hünär synagynda degişli hünär synag toparynyň «hünär synagyndan geçdi» diýen netijesi esasynda, notarius şol toparyň mejlisinde dabaraly ýagdaýda şu mazmunly Kasamy kabul edýär:
«Men, (familiýasy, ady, atasynyň ady), notariusyň borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogry we päk ýürekden, ynsap bilen ýerine ýetirmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini, döwletiň bähbitlerini hormatlamaga we goramaga, notarial hereketleriň syryny saklamaga, hemişe we hemme ýerde notariusyň belent adynyň arassalygyny saklamaga we oňa mynasyp bolmaga dabaraly kasam edýärin.».
Kabul edilen kadada bellenilişi ýaly, notarius wezipe borçlaryny ýerine ýetirende kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny goldanmalydyr,
Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyna ygrarly bolmalydyr we ony yzygiderli durmuşa geçirmelidir, özüniň hereketleri bilen döwlet häkimiýetiniň abraýyny pugtalandyrmalydyr, döwlet edaralarynyň abraýyny gaçyryp biljek hereketleri etmäge ýol bermeli däldir.