Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki Primorskiý kraý sebitine eltildi
40 tonna ynsanperwerlik ýüki özünde jemlän ýük uçary Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň howa menizline bardy. Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki bu sebitiň birinji wise-gubernatory, hökümet ýolbaşçysy Wera Şerbina we beýleki resmiler garşyladylar.
"IL-76' kysymly ýük uçary sebitde bolan suw joşgunlary zerarly ejir çeken ýaşaýjylara eşikleri, çaga iýmitini, ýorgan ýapynjalaryny eltdi.
Bellenişine görä, Primorskiý kraý sebitiniň birinji wise-gubernatory Wera Şerbina Primorskiý kraý sebitiniň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan, şeýle hem öz adyndan iberilen ynsanperwerlik ýüki üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny mälim etdi.
Bu sebitde bolup geçen taýfun tupany sebäpli 72 sany ilatly nokat ejir çekip, 5 müňe golaý öýi suw basdy. Häzirki wagtda Russiýanyň ähli sebitlerinden Primorskä ynsanperwerlik ýükleri ugradylýar.