Türkmenistan halkara energetika bazarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.
Milli energetika syýasatynyň binýady bolup hyzmat edýän diwersifikasiýa ýörelgelerine esaslanyp, biziň ýurdumyz energetika babatda beýleki döwletler we halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi işjeň ösdürmegiň ýoly bilen barýar. Türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemäge uly gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bilen giň hem-de köptaraply hünär gatnaşyklary muny tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ozal habar berişimiz ýaly, şu ýylyň iýul aýynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, türkmen tebigy gazy «swap» usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna iberiler.
Şeýle hem ýakynda Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany arasyndaky geçirilen gepleşiklerinde ýakyn geljekde «swap» usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.
Şeýlelik-de ýokarda agzalanlar sebitde energetika pudagynda hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge itergi bolar hem-de dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýardam berer.