Türkmenistanyň gümrük gullugynyň wekilleri tejribe alyşmak maksady bilen Taýlanda bardylar
Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň wekilleri BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» atly maksatnamasynyň zenan hünärmenler torunyň çäklerinde ýükleriň gözegçiligi boýunça tejribe sapaklaryna gatnaşdylar. Sapar Taýland Patyşalygyna Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük edaralarynyň zenan işgärleri üçin guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Tejribe alyşmak saparyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük edaralarynyň zenan işgärleri gatnaşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň maksady Bangkok we Laýem Çabang portlarynda hereket edýän Port gözegçilik toparlarynyň konteýnere gözegçilik etmek babatda iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşmakdan, iki sebitiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» atly maksatnamasynyň zenan hünärmenler torunyň çäklerinde özara hereketi işjeňleşdirmekden ybarat boldy.
Wekiliýetler Bangkok we Laýem Çabang deňiz portlarynda hereket edýän Port gözegçilik toparynyň agzalary bilen duşuşdylar, özara tejribe alyşdylar hem-de portlaryň alyp barýan işi, şol ýerde gurnalan maglumat tehnologiýalaryň, gümrük gözegçilik enjamlarynyň ulanylyşyny, konteýnerelere we demir ýol wagonlara amala aşyrylýan gözegçiligiň alnyp barylyşyny gördüler.
Şeýle hem wekiliýet agzalary Bangkok şäherindäki Gümrük akademiýasyna baryp gördüler diýlip, habarda bellenilýär.