Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriler

Türkmenistanda täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriler hem-de ol Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ýurtda gazanylan üstünliklere, ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlanar. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurduň ähli bilim işgärleriniň adyndan Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, ýurtda işlemek, döwrebap bilim almak babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji sentýabr güni ýurtda dürli dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň

Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.