Geçen ýedi aýda Ulag ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
 
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
 
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 113,4 göterime barabar boldy.
 
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilen işler, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde görlen çäreler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada-da hasabat berildi.
 
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagyň, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.