Türkmenistan we Malaýziýa maglumat-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda türkmen-malaýziýa köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem taraplaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ynsanperwerlik ugry bellenildi, bu ýerde taraplaryň syýahatçylyk, bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem saglygy goraýyş pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly tejribesi we berk mümkinçiligi bar.

Iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlarynyň wekilleriniň arasyndaky gyzyklanmalaryň ähli ugurlarynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňelmegine goşant goşýan bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin özara gyzyklanma bildirildi.