Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Irden toplumyň çäginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, harby ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, harby mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. “Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki beýik döwrümizde milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek bilen birlikde, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär”, diýlip Gutlagda bellenilýär.

“Biz geljekde hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bereris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar hem-de talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň yhlasly okap, zähmet çekip, döredijilikli gözleglerde bolmalydyklaryna, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelidiklerine ünsi çekýär.

Hormatly Prezidentimiz okuw we dolandyryş binasynyň öňündäki meýdança gelýär. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berýär.

Soňra milli Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar. Onda halkymyzyň hakyky watançylygyň, edermenligiň we ýokary ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlylygyň nusgasyna öwrülen görnükli şahsyýetleriniň keşpleri öz beýanyny tapdy. Harby orkestriň çykyşlary we Watan goragçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hem şu maksatlara gönükdirilendir. Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow okuw we dolandyryş binasynyň girelgesine tarap ugraýar. Bu ýerde harby mekdebiň okuwçysy täze toplumy açyp bermek haýyşy bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Binanyň eýwanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy harby mekdebiň okuwçylary mübärekleýärler. Olar gülläp ösýän eziz Watanymyzy, beýik şöhratly ýolumyzy wasp edýän goşgulary ýerine ýetirýärler.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda ömrüni Watana, halka gulluk etmäge bagyşlan we ildeşleriniň çuňňur hormatyna eýe bolan garry atasynyň heýkeline gül çemenini goýup, onuň ýagty ýadygärligine tagzym edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan harby okuwçylara sowgatlar gowşuryldy hem-de döwlet Baştutanymyz olaryň haýyşy boýunça ussat mugallym, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň binanyň eýwanynda oturdylan heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan innowasion muzeýine barýar. Bu ýerde harby gullukçy döwlet Baştutanymyzy birnäçe bölümden ybarat muzeýiň işi bilen tanyşdyrdy. Ýaş nesli terbiýelemek işine uly goşant goşan we Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen Berdimuhamet Annaýewiň durmuş, zähmet, söweş ýoly barada gürrüň berýän taryhy gymmatlyklar, foto we wideoşekiller muzeýiň esasy aýratynlygydyr.

Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, hormatly Prezidentimiziň atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan gymmatlyklar hem ýerleşdirilipdir. Olar döwlet Baştutanymyzyň atasynyň içeri işler edaralarynda işlän döwrüne degişli tehnikalaryň kiçeldilen nusgalarydyr we gulluk resminamalarydyr. Mälikguly aganyň ömür we zähmet ýoly häzirki döwürde ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

«Mertler Watany beýgeldýär» atly bölüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerine we watançylyk mekdebine bagyşlanýar. «Şöhratly geçmişden buýsançly geljege» atly bölüm Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň giň gerimli işleri barada gürrüň berýär.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz okuw we dolandyryş binasynda ýerleşýän elektron kitaphana bardy hem-de kitap gaznasy, onuň enjamlaşdyrylyşy, sanly tehnologiýalaryň döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanmagy şertlendirýän işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Bu ýerde zerur bolan kitaplary we degişli maglumatlary gözlemek üçin ýörite sensorly monitorlar oturdylypdyr. Döwrebap web programma ornaşdyrylan kompýuter toplumlary kitaplary elektron görnüşde okamaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesle terbiýe bermekde ägirt uly ähmiýeti bolan kitaplary bu ýerde aýratyn orny eýeleýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz taktiki söweşe taýýarlanmak üçin niýetlenen okuw otagyna bardy. Bu ýerde harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny sanly ulgam arkaly harby okuwçylary okatmagyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdy.

Döwrebap enjamlar, programma üpjünçiligi islendik howa, şol sanda meýdan şertlerinde taktiki we söweş hereketlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu otag türgenleşigiň geçişini synlamak, taktiki taýýarlygyň netijelerine baha bermek üçin ýörite monitorlar, wirtual hakykata aralaşdyrýan äýnekler, ylgaw meýdançasy, serwer we kompýuter simulýatorlary, bronirlenen harby tehnikanyň simulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr. Bularyň ählisi okuwçylary hemmetaraplaýyn taýýarlamagyň, olary söweşjeň häsiýetde terbiýelemegiň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda 1 müň orunlyk mejlisler jaýyna baryp gördi. Soňra hormatly Prezidentimiz robototehnika otagyna bardy we harby okuwçylary robotlary hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmaga taýýarlamagyň usulyýeti bilen giňişleýin gyzyklandy.

Robototehnika sapaklary geljekki Watan goragçylarynyň innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary we amaly wezipeleri çözmäge gyzyklanmalaryny artdyrýar. Uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmak üçin ýeterlik taýýarlyk zerurdyr. Sanly düzümi bolan uçarmansyz uçýan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen harby okuwçylar nazaryýetde alan bilimlerini tejribe bilen utgaşdyryp bilerler. Bu düzümleri ulanmak köp wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Ýörite simulýator okuwçylara uçarmansyz uçýan enjamlar bilen doly tanyşmaga, olary dolandyrmagyň endiklerini ele almaga şert döredýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz sport toplumyndaky lazerli türgenleşik otagyna baryp, söweşjeň tilsimleri özleşdirýän harby okuwçylaryň türgenleşikleriniň guralyşy bilen tanyşdy. Bu otag toparlaýyn türgenleşikler üçin niýetlenendir. Onda ýaraglary we esbaplary saklamak üçin bölüm, esasy oýun meýdançasy bar. Türgenleşikler üçin lazer sensorly ýörite başgaplar, elektron ýaraglar, ýokary duýujylykly goranyş serişdeleri ulanylýar. Harby okuwçylar toparlara bölünip, emeli päsgelçilikleriň arasynda söweş tilsimlerini ele alýarlar.

Döwlet Baştutanymyz atyş taýýarlygyny geçmek üçin niýetlenen otaga geldi, soňra bolsa “Bodyflight” diýlip atlandyrylýan ýörite ýere bardy.

Bu ýerde durmuş hakykatyna ýakyn şertlerde paraşýutçylaryň türgenleşikleri üçin ýörite enjam oturdylypdyr. Ýöriteleşdirilen howpsuz türgenleşik enjamy dik aerodinamiki turbadan ybarat bolup, onuň içinde howa akymy döredilýär. Enjam adama uçardan bökmegiň täsirlerini duýmaga, howada durnukly saklanmaga, paraşýutçynyň hereketlerini özleşdirmäge, bu babatdaky bilimlerini kämilleşdirmäge, öz bedenini dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Paraşýutçynyň simulýatorynyň ulanylmagy türgenleşikleriň üstünlikli geçmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz harby okuwçylara paraşýutda bökmäge tälim bermek üçin niýetlenen bu enjamy ulanmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde harby okuwçylaryň bilimleri üstünlikli ele almaklary, ýaşaýşy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim-terbiýe bermek meseleleriniň döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny belläp, harby mekdebiň okuwçylaryny we mugallymlaryny täze toplumyň açylmagy bilen gutlady hem-de olara okuwda, häzirki zaman bilimlerini, innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Munuň özi Ýaragly Güýçlerimiziň ähli goşunlarynyň häzirki wagtda iň täze harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýändigi nukdaýnazaryndan hem aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn aladalary, harby mekdebiň täze binalar toplumyny dabaraly açyp berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň, ähli harby gullukçylaryň adyndan çuňňur hoşallyk beýan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz okuw we dolandyryş binasyna tarap ugrady. Ýol ugruna döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň direktoryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby bilim edarasynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp we hemmeleri şanly waka bilen gutlap, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

* * *

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Aşgabat ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň hatarynda ornuny berkidýär. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalary “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän Aşgabadyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplumynyň bina edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Toplumyň binasynyň öňünde uly toýa mahsus baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Täze toplumyň öňünde sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp etdiler.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň keşbini has-da gözelleşdirýän Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy açylýar. Şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.

Hormatly Prezidentimizi bagtyýar çagalar joşgunly goşgy setirlerini aýdyp, mähirli garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň içine girip, toplum bilen tanyşdy. Bu ýerde işgärleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň şäher wideogözegçilik merkezi otagyna bardy we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Hünärmen hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, doly awtomatlaşdyrylan dispetçer otagynyň işi bilen tanyşdyrdy. Bu otagda gurnalan hem-de döwrebap programma bilen üpjün edilen kompýuterler arkaly Aşgabat şäheriniň çägindäki seýilgählere wideogözegçilik amala aşyrylýar. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berer.

Hünärmen Gahryman Arkadagymyza hem-de ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp binany gurduryp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygyny dowam edip, onuň umumy orta bilim bölümine geldi.

Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hünärmeni döwlet Baştutanymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hünärmen döwlet Baştutanymyzy “e-Mekdep” ulgamy bilen tanyşdyrdy. Bu ulgam maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim bermegiň hilini gowulandyrmakdan ybarat bolup, onuň üsti bilen ata-eneler öz çagalarynyň ýetişigi, okuwa gatnaşygy, gündelik geçilen temasy, öý işi we alýan bahalary bilen tanşyp bilýärler. Şeýle-de ol mekdeplerde okuw işleriniň guralyşyna, okuwçylaryň gatnaşygyna, derse ýetişigine, kabul edilýän okuwçylaryň sanyna, mugallymlaryň geçen sapaklaryna, okuwçylaryň alýan bahalaryna seljerme bermäge, her bir okuwça şahsy okuw maslahatlarynyň berilmegine şert döredýär.

Hünärmen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary ugrundaky tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Paýtagtymyzda binalaryň gurluşygy häzirki döwrüň ösen binagärlik talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ata Watanymyzyň baş şäheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelenýär.

Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän amatlyklar işgärleriň we hünärmenleriň mynasyp zähmet şertlerini guramaga mümkinçilik berýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz mynasyp beýanyny tapýar.

Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otagy, 120 orunlyk naharhana, tehniki desgalar bar. Iş otaglary işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur enjamlar, şol sanda kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Toplumyň içki bezegine häzirki zaman suratkeşleriniň nakgaş eserleri aýratyn görk berýär. Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Suw çüwdürimi guruldy, agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, dürli güller ekildi. Umuman, bu ajaýyp bina paýtagtymyzyň gözel binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.