Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gullugynyň hünärmenleriniň iş duşuşygy geçirildi
27 — 29-njy awgustda Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, iş duşuşygynyň dowamynda harytlaryň daşary söwdasynda gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelşiniň usulyýeti maslahatlaşyldy.
Şeýle hem 2023-nji ýylyň jemi boýunça «Türkmenistanyň importy — Özbegistanyň eksporty» we «Özbegistanyň importy — Türkmenistanyň eksporty» ugurlar boýunça daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlary deňeşdirildi.
Duşuşyk 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy diýlip, habarda bellenilýär.