Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi

Şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatyna laýyklykda, şu ýylyň 7 aýynda ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 104,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, «rkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 119,1 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,8 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy.

"Türkmenhowaýollary" agentliginde iň ýokary ösüş depgini gazanyldy. Şu ýylyň 7 aýynda agentlik boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 259,7 göterime barabar boldy. Tutuş toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 123,9 göterime deň boldy.