Türkmenistanyň milli futzal ýygyndysy Fransiýa hem-de Saud Arabystany bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 3 — 13-nji sentýabr aralygynda Dubaýda (BAE) baş tälimçi Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirer. Okuw-türgenleşik ýygnanşygynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirer: 5-nji sentýabrda biziň ýygyndymyz Saud Arabystanynyň ýygyndysynyň garşysyna, 7-nji sentýabrda Fransiýanyň ýygyndysynyň garşysyna hem-de 9-njy sentýabrda ýerli toparlaryň biriniň garşysyna oýnar.

TFF-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, baş tälimçi bu ýygnanyşyk üçin milli ýygynda 18 oýunçyny çagyrdy, olaryň üçüsi derwezeçidir. Türkmenistanyň milli ýygyndysy möhüm oýunlara taýýarlyk görýär. Bu milli ýygyndynyň oýunçylarynyň başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we geljekki ýaryşlara taýýarlanmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň BAE-de geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýan düzümi

Derwezeçiler:

Rehimberdi Halmämmedow, Şöhrat Baýramow (ikisi-de – «Deňizçi»), Meretgeldi Baýramow («Köpetdag»);

Meýdançadaky oýunçylar:

Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Kirill Çaryýew, Dawutguly Dürliýew, Maksat Soltanow, Şiri Baýramdurdyýew, Maksat Amanow, Daniil Pançenko (hemmesi – «Deňizçi»);

Mülkaman Annagulyýew, Abdylla Nursähedow, Gurbangeldi Sähedow, Kerwen Annaorazow (hemmesi – «Köpetdag»)

Röwşen Orazmuhammedow, Rahatmyrat Nepesow, Berdiguly Meredow, Şamuhammet Babaýew (hemmesi – «Senagatbank»).

Tälimçiler:

Ýakup Öwezow (baş tälimçi), Amandurdy Annadurdyýew (tälimçi), Maksat Myradow (tälimçi).